translation
dict
{ "en": "Magtymguly Pyragy is poet and thinker who left us heritage of wonderful poems.", "tk": "Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr." }
{ "en": "Therefore, Central Asia should be viewed from this perspective, and it should be attractive to the European Union.", "tk": "Merkezi Aziýa hut şeýle garalmalydyr we Ýewropa Bileleşigi üçin özüne çekiji bolmalydyr." }
{ "en": "The poems of Magtymguly are as healthy as the crystal pure waters of the spring originating from the high tops of the mountains.", "tk": "Magtymgulynyñ şygyrlary dagdan çogup çykan gözbaşy arassa çeşmäniñ suwykimin jana şypalydyr." }
{ "en": "In the International Year of Peace and Trust, it is planned to provide computers to 142,698 students who will be admitted to the first grade.", "tk": "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 142 müň 698 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär." }
{ "en": "As reported, working groups are currently developing draft laws aimed at the formation of a modern legislative framework for justice, the further effective implementation of human and civil rights and freedoms guaranteed by the Constitution of Turkmenistan, the creation of a legal basis for acts adopted by administrative bodies, the improvement of the activities of the electoral system, the regulation of the work of specialised institutions in the field of automobile transport and the ensuring of the proper organisation of migration policy.", "tk": "Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda adyl kazyýetligiň döwrebap kanunçylyk esasyny döretmäge, adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmäge, administratiw edaralar tarapyndan kabul edilýän namalaryň hukuk esaslaryny, saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, awtomobil ulagy çygrynda hereket edýän degişli edaralaryň işlerini düzgünleşdirmäge, migrasiýa syýasatynyň has-da netijeli guralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar." }
{ "en": "The importance of continuing effective activities to strengthen the foundation of the national economy, to create new enterprises through the introduction of innovative technologies in all areas and to increase the share of the private sector in the economy was also noted.", "tk": "Milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, ykdysadyýetimize innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam etdirmek möhümdir." }
{ "en": "Our country actively stands for international assistance in resolving the situation in Afghanistan through political instruments and taking into account the interests of its people.", "tk": "Biziň ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy syýasy ýollar arkaly, halk köpçüliginiň bähbitlerini nazara almak esasynda düzgünleşdirmäge halkara ýardamy bermek ugrunda işjeň çykyş edýär." }
{ "en": "These include projects to lay the Turkmenistan–Afghanistan–Pakistan– India gas pipeline, power transmission and communication lines to Pakistan through Afghanistan and railways from our country in the Afghan direction.", "tk": "Şolaryň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, biziň ýurdumyzdan owgan tarapyna demir ýollary gurmagyň taslamalaryny görkezmek bolar" }
{ "en": "As is known, its opening took place in May last year with the participation of the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov and numerous foreign guests.", "tk": "Mälim bolşy ýaly, bu toplum geçen ýylyňmaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyňgatnaşmagynda dabaraly açyldy." }
{ "en": "Today the whole mankind highly appreciates creative work of genius Turkmen poet deriving inspiration and strength in his poetry.", "tk": "Bu günki gün adamzat türkmen halkynyñ beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyñ hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyñ şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar." }
{ "en": "In the context of the bilateral trade and economic partnership, a gradual increase in the volume of mutual trade turnover in various segments over the past years was noted.", "tk": "Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda dürli ugurlarda özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy aýdyldy." }
{ "en": "After the traditional photo session against the background of the State Flags of the two countries, the talks between the President of Turkmenistan and the Prime Minister of Georgia were held.", "tk": "Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi." }
{ "en": "The humanitarian activities of the Gurbanguly Berdimuhamedov Charitable Foundation for Aid to Children in Need of Guardianship, aimed at ensuring the health and wellbeing of children and supplying medical institutions with modern equipment, were carried out.", "tk": "Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň kadaly ösüşini, abadan durmuşyny, saglygy goraýyş edaralaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işler dowam etdirildi." }
{ "en": "The subject of keen discussion was the prospects of expanding trade and economic ties.", "tk": "Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy." }
{ "en": "The Head of Turkmenistan instructed the Chairman of the Commission, together with the heads of the law-enforcement agencies, to carry out the necessary work to release convicts from places of detention and to return them to their families in the near future.", "tk": "Döwlet Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy." }
{ "en": "Noting that he was sincerely glad to meet with President Shavkat Mirziyoyev in Samarkand, a city with an ancient history, President Serdar Berdimuhamedov expressed gratitude for the invitation to participate in the first Central Asia – European Union Summit, wished all planned events to be successful and thanked for the warm welcome and hospitality extended to the delegation of our country.", "tk": "Hormatly Prezidentimiz taryhy Samarkant şäherinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny belläp, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we meýilleşdirilen ähli çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi, görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi." }
{ "en": "Can your work become a key solution to ensure gas security in Europe?", "tk": "Ýewropada gaz howpsuzlygyny üpjün etmekde Siziň bu işleriňiz esasy çözgüt bolup bilermi?" }
{ "en": "This is confirmed by the constructed and currently successfully operating main gas pipelines in the eastern, southern and northern directions.", "tk": "Türkmenistandan gündogar, günorta we demirgazyk ugurlara gurlan hem-de üstünlikli işleýän esasy gaz geçirijiler muny doly tassyklaýar." }
{ "en": "The Hero-Arkadag outlined the main directions of the country’s domestic and foreign policy and Turkmenistan’s position on water and energy issues, which are at the centre of the world agenda and global and regional cooperation.", "tk": "Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşlikde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, dünýä gün tertibiniň üns merkezinde durýan suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi." }
{ "en": "Compared to 2023, the production of cotton yarn reached 149.3 per cent, of cotton fabrics – 129.7 per cent and of leather products – 124.4 per cent.", "tk": "Şol sanda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 149,3 göterime, nah matalaryňky 129,7 göterime, gön önümleriniňki 124,4 göterime barabar boldy." }
{ "en": "In addition, the Conception of Improving Teaching Methods for General Education Curricula in Turkmenistan until 2028 was approved.", "tk": "“Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy." }
{ "en": "In this regard, the President noted the seminar on maritime transport should be held at a high level and addressed the Head of the Agency with the relevant instructions.", "tk": "Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz deňiz ulagy boýunça okuw maslahatynyň ýokary derejede geçirilmelidigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy." }
{ "en": "Here, positive results of cooperation have been achieved in the fields of energy, industry and health care.", "tk": "Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy." }
{ "en": "The mineral fertilisers, produced at the plants of the State Concern, make it possible to fully provide the country’s agricultural producers.", "tk": "Ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri konserniň zawodlarynda öndürilýän mineral dökünler bilen doly üpjün edilýär." }
{ "en": "Magtymguly Pyragy is a great master of words who created fine works that told the world about his people’s philosophy formed during millennia and their dreams, with his art becoming an everlasting symphony of their soul.", "tk": "Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyñ müñýyllyklaryñ dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyñ owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr." }
{ "en": "In addition, our deputies take part in educational events on the socio-political significance of the policy implemented by the head of state, the motto of the International Year of Peace and Trust and the historical aspect of the commissioned industrial and sociocultural facilities and in events to explain the provisions of the adopted laws to the general population.", "tk": "Mundan başga-da, deputatlar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny, ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar." }
{ "en": "Congratulations to the people of Turkmenistan on the Constitution’s adoption day and on the day celebrating the Revival, Unity, and Poetry of Magtymguly Pyragy.", "tk": "Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň halkyna gutlagdan." }
{ "en": "A nationwide tree planting action took place throughout the country.", "tk": "Yurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi." }
{ "en": "During the reporting period, the State Commodity and Raw Materials Exchange held 302 trading sessions, during which 29,317 contracts were registered.", "tk": "Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 302-si geçirilip, olarda 29 müň 317 şertnama hasaba alyndy." }
{ "en": "In continuation of the sitting, the Deputy Prime Minister reported on the draft Programme of the Socioeconomic Development of Turkmenistan and Investments in 2025.", "tk": "Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi." }
{ "en": "President Serdar Berdimuhamedov held a meeting with the Head of the Republic of Tatarstan of the Russian Federation Rustam Minnikhanov, who had arrived in our country on a working visit.", "tk": "Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy." }
{ "en": "It will be attended by employees of the Türkmen-deniz-derýa ýollary Agency, the Turkmenbashi International Seaport, the Deniz Söwda Floty Closed Joint- Stock Company and the Balkan Shipbuilding and Ship Repair Yard Open Joint-Stock Company. Other interested parties, including representatives of government agencies and the private sector, will also be invited.", "tk": "Okuw maslahatyna “Türkmen deňiz derýa ýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar." }
{ "en": "There is such a wonderful Turkmen proverb, “There are no winners in war.”", "tk": "«Urşuň ýeňen ýeri ýok» diýen ajaýyp türkmen pähimi hem bar." }
{ "en": "From January to December 2024, 104 meetings of balance commissions, including 88 regional ones were held, at which the results of the financial and economic activities of ministries and sectoral departments, their subordinate institutions and enterprises were reviewed.", "tk": "2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda balans toparlarynyň jemi 104 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 88 mejlisi geçirildi. Olaryňdowamynda ministrlikleriňwe pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy." }
{ "en": "At present, the works of the Turkmen classic Magtymguly Pyragy have been trans lated into many languages.", "tk": "Häzirki döwürde beýik akyldar Magtymguly Pyragynyñ eserleri dünýäniñ dürli dillerinde terjime edilýär." }
{ "en": "In this regard, what can you say about the current state of the bilateral relations with Afghanistan?", "tk": "Şoňa görä, Owganystan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryňyzyň häzirki ýagdaýy barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?" }
{ "en": "At the same time, the President of Turkmenistan noted the importance of further strengthening the material and technical base of the sector for the construction of new highways and reconstruction of operating ones, bringing them into line with international standards.", "tk": "Şunuň bilen birlikde, Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, ýollaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy." }
{ "en": "During the reporting period, the revenue part of local budgets was fulfilled at the level of 103.8 per cent and the expenditure part – by 99.8 per cent.", "tk": "Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi." }
{ "en": "Along with this, the creative activity of the poet encourages the people to think of many vital issues.", "tk": "Şonuñ bilen birlikde, şahyryñ döredijiligi durmuş bilen baglanyşykly meseleler babatda oýlandyrýan döredijilikdir." }
{ "en": "Rustam Minnikhanov especially emphasised the desire of the Turkmen people to preserve national traditions and unique culture, once again thanking for the opportunity to once again visit our country.", "tk": "Rustam Minnihanow Türkmenistanyň türkmen halkynyň milli däplerini, özboluşly medeniýetini saklap galmaga ygrarlydygyna aýratyn ünsi çekip, ýurdumyza ýene bir gezek gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi." }
{ "en": "The interlocutors noted with satisfaction that for centuries our peoples had maintained friendly relations.", "tk": "Söhbetdeşler asyrlaryň dowamynda halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar." }
{ "en": "In this context, Turkmenistan is directly involved in various events on Afghanistan.", "tk": "Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Owganystan boýunça dürli çärelere işjeň gatnaşýar." }
{ "en": "We highly appreciate our cooperation with the Euronews TV channel.", "tk": "Biz “Euronews” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris." }
{ "en": "As reported, in accordance with agricultural technology standards, mineral fertilisers and vegetation irrigation were being applied to the wheat fields of the regions.", "tk": "Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär." }
{ "en": "The greatness of Magtymguly lies in the fact that he was the first to proclaim the Turkmen a single nation and glorified that in his works.", "tk": "Magtymgulynyñ beýikligi şol döwürler dagynyk ýaşan külli türkmen ilini ilkinji bolup, bir bitewi millet hökmünde saýmagyndadyr we muny wagyz etmegindedir." }
{ "en": "The dreams of the great poet Magtymguly Pyragy of the independent state and a peaceful, friendly and happy life of the people expressed in the words, “My dreams of the sovereign state!” have become true after gaining independence by our country.", "tk": "Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyñ „Berkarar döwlet islärin!» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyñ agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziñ Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy." }
{ "en": "The head of state also stressed it was necessary to continue scientific research in order to transform our Motherland into a progressively developing state on a scientific basis and, in this context, to intensify international cooperation.", "tk": "Ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady." }
{ "en": "After warmly greeting each other, the heads of the two neighbouring states expressed satisfaction with the opportunity to discuss the current state and priority aspects of the further development of traditionally friendly and fraternal bilateral relations.", "tk": "Iki goňşy döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, däp bolan dost – doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler." }
{ "en": "It was noted that the favourable geographical positions of the two states provided ample opportunities for successfully combining efforts in that strategic direction.", "tk": "Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu strategik ugurda tagallalary birleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleri açýar." }
{ "en": "The meeting of the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty Gurbanguly Berdimuhamedov with the Vice President, Deputy Prime Minister, Minister of Presidential Court of the United Arab Emirates Sheikh Mansour bin Zayed Al Nahyan took place at the International Airport of the capital.", "tk": "Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy." }
{ "en": "Naturally, our countries find practical developments, achievements and opportunities of the European Union in the areas of economy, ecology, technology and artificial intelligence useful and interesting.", "tk": "Elbetde, Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady, ekologiýa, tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda toplan tejribesi, gazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri biziň ýurtlarymyz üçin peýdalydyr hem-de gyzyklydyr." }
{ "en": "After hearing the report, President Serdar Berdimuhamedov said effective work was being carried out in the country related to the use of digital technologies in the banking system and the improvement of banking activities.", "tk": "Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi." }
{ "en": "This issue is aggravated by the growing economic demand for water.", "tk": "Ol suw üçin ykdysady talabyň artmagy bilen has-da çylşyrymlaşýar." }
{ "en": "At the same time, Turkmenistan highlights three main positions.", "tk": "Türkmenistan bu ugurda üç düýpli garaýşy beýan edýär." }
{ "en": "Ahal Velayat Hyakim S. Soltanmyradov reported on the results of the work carried out in the region in 2024.", "tk": "Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow sebitde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi." }
{ "en": "During the conference, issues of increasing the effectiveness of activities carried out together with international structures in promoting the achievements of our state and the initiatives put forward to ensure stability, trust and sustainable development in the region and the world through parliamentary diplomacy were discussed.", "tk": "Onda döwletimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, durnukly ösüşi üpjün etmekde gazanan üstünliklerini, öňe sürýän başlangyçlaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmakda halkara guramalar bilen bilelikde durmuşa geçirýän işleriniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy." }
{ "en": "One of the most pressing problems in the region is water shortage.", "tk": "Suw ýetmezçiligi — sebitde iň derwaýys meseleleriň biri." }
{ "en": "Then, addressing the members of the Cabinet of Ministers and the people of Turkmenistan, President Serdar Berdimuhamedov stressed the National Spring Holiday – International Nowruz Day would be widely celebrated, and on March 22, in order to turn our country into a blooming garden, a nationwide tree planting campaign would be held.", "tk": "Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, 21-nji martda Milli bahar baýramynyň— Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini, 22-nji martda bolsa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýtdy." }
{ "en": "The priceless national treasure – the Turkmen art of carpet weaving – is rightfully recognised as an integral part of the treasury of world culture and is included in the UNESCO Representative List of the Intangible Cultural Heritage of Humanity.", "tk": "Türkmen halyçylyk sungaty dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi." }
{ "en": "This, in turn, contributes to an increase in the yield of agricultural products.", "tk": "Munuň özi oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär." }
{ "en": "A report was also presented on the measures taken to address the issues arising from the Conception of the Development of the Digital Economy in Turkmenistan for 2019–2025.", "tk": "Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi." }
{ "en": "Of course, there is an enormous potential in the energy sector.", "tk": "Elbetde, energetika pudagynda ägirt uly mümkinçilikler bar." }
{ "en": "Taking these factors into account, the essence and content of the partnership should be formulated.", "tk": "Bu ýagdaýlary hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny hem kesgitlemelidiris." }
{ "en": "Then the Minister of Internal Affairs M.Hydyrov reported on the work carried out by the subordinate structures in the first quarter of this year to maintain public order in the country, prevent road accidents, and improve the activities of the Fire Safety Service.", "tk": "Soňra içeri işler ministri M. Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi." }
{ "en": "Prosecutor General B. Muhamedov reported on the results of the work done since the beginning of the year, the fulfillment of the instructions previously given by the head of Turkmenistan to supervise the implementation of the provisions of regulatory legal acts.", "tk": "Baş prokuror B. Muhamedow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi." }
{ "en": "Magtymguly is a poet and thinker who has managed to deepen the philosophical ideas, to develop an artistic perception and skillfully cover in his works the life principles not only of the Turkmen people but those of the entire world.", "tk": "Magtymguly diñe bir türkmen halkynyñ däl, eýsem dünýäniñ pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik añyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr." }
{ "en": "Information on the production of diesel fuel, polypropylene, liquefied gas and the extraction of natural and associated gas was also announced.", "tk": "Şeýle hem dizel ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy barada maglumatlar aýdyldy." }
{ "en": "Summing up the meeting, President Serdar Berdimuhamedov noted that in accordance with the provisions of the Military Doctrine of Turkmenistan, which is purely defensive in nature, measures are being taken to ensure high-level military security and the integrity of the independent, permanently neutral Fatherland, as well as to strengthen the country’s defense capability, improve the social and living conditions of the defenders of the Fatherland and their families.", "tk": "Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi." }
{ "en": "Last year, a number of large industrial and socio-cultural facilities were commissioned in the velayat, including a modern comprehensive secondary school in the village of Bokurdak in the Ak Bugday etrap, water treatment facilities in the village of Yashlyk in the same etrap and in the town of Tejen in the Tejen etrap, wastewater treatment facilities in the Geoktepe and Ak Bugday etraps, the second stage of the Baharden cement plant, the Tejen–Mary section of the Ashgabat–Turkmenabat highway and industrial enterprises, among others.", "tk": "Geçen ýylda welaýatda iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi, şol sanda Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde döwrebap umumybilim berýän mekdep, Ýaşlyk şäherçesinde, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde agyz suwuny arassalaýjy desgalar, Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynda lagym suwuny arassalaýjy desgalar, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi we beýleki desgalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berildi." }
{ "en": "After hearing the report, President Serdar Berdimuhamedov emphasized that one of the key tasks facing this body is to ensure reliable protection of the State Border, which is the border of friendship and brotherhood.", "tk": "Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dost-doganlygyň serhedi bolup durýan döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady." }
{ "en": "As reported, that would contribute to the effective continuation of the phased development of oil and gas fields, the introduction of a digital system in the industry and the rapid development of the oil and petrochemical industries.", "tk": "Bellenilişi ýaly, bu işleriň geçirilmegi nebitgaz ýataklarynyň tapgyrlaýyn özleşdirilmegini netijeli dowam etdirmäge, pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny talabalaýyk alyp barmaga, nebit we nebithimiýa senagatyny okgunly ösdürmäge ýardam berer." }
{ "en": "In addition, the Turkmenistan-European Union Human Rights Dialogue is in effect.", "tk": "Şeýle hem adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogy hereket edýär." }
{ "en": "From a legal point of view, our country advocates resolving all emerging interstate disputes solely on the basis of the United Nations Charter and generally recognised norms of international law.", "tk": "Hukuk taýdan seredenimizde, Türkmenistan ýurtlaryň arasynda döreýän ähli jedelli ýagdaýlary Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy we halkara hukugyň ykrar edilen düzgünleri esasynda çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär." }
{ "en": "Along with this, in accordance with agricultural requirements, the corresponding work is being carried out in the velayats to organise the sowing of cotton.", "tk": "Welaýatlarda gowaça ekişi möwsümine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar." }
{ "en": "After announcing the agenda, the Head of Turkmenistan gave the floor to the Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers H. Geldimyradov.", "tk": "Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi." }
{ "en": "Guided by the goals and objectives of the UN Strategy “Youth – 2030”, the Law of Turkmenistan “On State Youth Policy”, the State Programme in the Field of State Youth Policy for 2021–2025 and the Strategy of International Cooperation of the Youth of Turkmenistan for 2023–2030 were approved.", "tk": "BMG-niň “Ýaşlar — 2030” strategiýasynyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy." }
{ "en": "One of them was great Turkmen poet and thinker Magtymguly Pyragy.", "tk": "Şeýle akyldarlaryñ biride türkmeniñ beýik şahyry Magtymguly Pyragydyr." }
{ "en": "Along with this, the President of Turkmenistan emphasised it was necessary to continue taking practical steps to reconstruct the country’s existing airports, to consistently modernise the aircraft fleet and to continue work on opening international flights to new destinations and expanding cargo routes.", "tk": "Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda howa menzilleriniň durkuny täzelemegi, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işleri geçirmegi, täze ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmaga, ýük daşalýan ugurlary giňeltmäge möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy." }
{ "en": "Within the framework of international cooperation, interaction with leading media is intensifying.", "tk": "Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hem gatnaşyklar işjeňleşdirilýär." }
{ "en": "Agriculture and a number of other sectors were also named among the relevant areas of cooperation.", "tk": "Oba hojalygy we birnäçe beýleki pudaklar-da möhüm ugurlaryňhatarynda görkezildi." }
{ "en": "Summing up the report, President Serdar Berdimuhamedov highlighted the importance of comprehensive measures to modernise the textile enterprises and to increase the competitiveness of textile products in foreign markets and of further work to develop hand-made carpet weaving and to increase the range of carpet items produced.", "tk": "Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, dokma önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň, halyçylyk pudagyny ösdürmegiň, öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi." }
{ "en": "We proceed from the fact that the creation of an underwater infrastructure in the Caspian Sea meets the economic requirements of the coastal states.", "tk": "Biz Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagynyň kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýändiginden ugur alýarys." }
{ "en": "During the period under review, lending to the economy was carried out.", "tk": "Hasabat döwründe ykdysadyýete karzlary gönükdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy." }
{ "en": "Dedicated to the participants of the International Scientific Conference 'Magtymguly and Spiritual-Cultural Values of the World.'", "tk": "«Magtymguly we dünýäniň ruhy-medeni gymmatlyklary» atly Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlagdan." }
{ "en": "As part of the implementation of these documents and in the context of the further intensification of cooperation with the UN, a number of proposals have been developed.", "tk": "Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy." }
{ "en": "Along with this, legal issues related to the demarcation of the bottom of the Caspian Sea should also be addressed.", "tk": "Hazar deňziniň düýbüniň çäklerini bellemek bilen bagly hukuk soraglaryny hem çözmek gerek." }
{ "en": "At all times the poems of Magtymguly and his wise words having a healing force spiritually purified people, young and old alike, roused love for this beautiful world, mankind, and life and inspired Turkmen so city.", "tk": "Magtymgulynyñ melhem şygyrlary, tenekar sözleri her döwürde ulynyñ-kiçiniñ ruhuny tämizläp, bu owadan dünýä, adamzada, durmuşa söýgi döredipdir, halkyñ göwnüni belende galdyryp, tutuş türkmen jemgyýetiniñ ruhy sagdynlygyny üpjün edip gelipdir." }
{ "en": "This is because the brilliant ideas, wise admonitions, and lessons of solidarity from the great poet are always essential for our country's continual progress and flourishing.", "tk": "Çünki döwletimiziñ mundan buýanada mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryñ röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe derwaýysdyr." }
{ "en": "The translation of the collection of the poems of the outstanding classical poet into the languages of dozens of peoples of the world gives them an excellent opportunity to familiarize with the culture, high moral and ethical principles of the Turkmen people.", "tk": "Beýik şahyryñ şygyrlar diwanynyñ dünýäniñ halklarynyñ onlarçasynyñ dillerine terjime edilmegi olaryñ türkmen medeniýeti, ruhy-ahlak, edep-terbiýe ýörelgeleri bilen tanyşmagyna mümkinçilik berýär." }
{ "en": "One of the greatest services performed by a poet and thinker Magtymguly for the Turkmen people is that he fought for the consolidation and condemned discords and disagreements.", "tk": "Magtymguly Pyragynyñ türkmen halkynyñ öñündäki iñ uly hyzmatlarynyñ biri onuñ agzybirlik ugrundaky göreşidir hemde agzalalygy ýazgarmagydyr." }
{ "en": "Taking this opportunity, the Head of Turkmenistan also conveyed warm greetings and best wishes to the President of Georgia Mikheil Kavelashvili.", "tk": "Arkadagly Gahryman Serdarymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi." }
{ "en": "Neutrality is the basis of our foreign policy.", "tk": "Bitaraplyk biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasydyr." }
{ "en": "The need for consistently strengthening partnerships in such important areas as culture, science and education, art and creativity and for holding mutual Days of Culture and specialised exhibitions on a regular basis was noted.", "tk": "Medeniýet, ylym-bilim, sungat, döredijilik ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, özara Medeniýet günlerini, sergileri yzygiderli geçirmegiň wajypdygy bellenildi." }
{ "en": "Then the head of the friendly country’s government proceeded to the Magtymguly Pyragy cultural and park complex, located in the southern part of Ashgabat.", "tk": "Soňra dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna bardy." }
{ "en": "After expressing deep gratitude for the time devoted to the meeting, the guest conveyed warm words of greeting and best wishes to the Hero-Arkadag from the President of the Russian Federation Vladimir Putin.", "tk": "Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi." }
{ "en": "Speaking about the multilateral dialogue, the interlocutors noted the role of Turkmenistan’s neutrality status and the United Arab Emirates' strategic goals on the international arena in strengthening the interstate relations.", "tk": "Köptaraply hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara giňişlikdäki strategik maksatlary iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar." }
{ "en": "Then the Chairwoman of the Mejlis D. Gulmanova spoke, informing of the work being done to further strengthen the legal framework of the country, to consistently improve legislative activity and to bring the national legislation into line with generally accepted norms of international law.", "tk": "Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, kanun çykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmek, döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi." }
{ "en": "Today, the dream of Magtymguly about happy future which he wished to his beloved people has come true.", "tk": "Bu gün Magtymgulynyñ öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy." }
{ "en": "Upon hearing the report, President Serdar Berdimuhamedov noted the oil and gas sector was consistently developing as a result of the energy policy implemented by the state.", "tk": "Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň netijesinde nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi." }
{ "en": "During the detailed discussion of a wide range of issues of interstate cooperation that took place in continuation of the talks, its priority areas at the present stage and in the context of plans for the future were specified.", "tk": "Döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmagyň dowamynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi." }